Italiýa Bilen Ýaponiýa Goranyş Pudagy Boýunça Hyzmatdaşlyk Eder
Kişida G-7-ä agza ýurtlara guraýan saparynyň çäginde Italiýa bardy
Italiýanyň Premýer-ministri Žoržiýa Meloni bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin iki ýurduň arasynda gepleşikleriň başladylmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.
G-7-ä agza ýurtlara guraýan saparynyň çäginde Italiýa baran Kişida, paýtagt Rimde kärdeşi Meloni bilen duşuşdy.
Meloni bilen Kişida ilkinji duşuşygynda iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin iki ýurduň arasynda gepleşikleriň başladylmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.
Kişida, duşuşykdan soň metbugata beren beýannamasynda “Gazanylan ylalaşyk, senagat we howpsyzlyk pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygy hem ýeňilleşdirer” diýdi.
G-7-ä agza ýurtlaryň 2023-nji ýyldaky liderler maslahaty, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumionyň ýolbaşçylygynda maý aýynyň 19-21-i aralygynda ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Hirosima şäherinde geçirler.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.