Watikan, Türkiýäniň Töwellaçylyk Tagallalaryna Kanagatlanma Bildirýär

Ilçi Göktaş, Watikanyň Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky töwellaçylyk tagallalaryna kanagatlanma bildirýändigini aýtdy.

1930262
Watikan, Türkiýäniň Töwellaçylyk Tagallalaryna Kanagatlanma Bildirýär

 

Watikan Türkiýäniň, Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasyndaky Töwellaçylyk Tagallalaryna Kanagatlanma Bildirýär

Türkiýäniň Watikandaky ilçisi Lütfullah Göktaş, Watikanyň Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky töwellaçylyk tagallalaryna kanagatlanma bildirýändigini aýtdy.

Ilçi Lütfullah Göktaş, Twitterden beren habarnamasynda, täze ýyl mynasibetli Watikandaky ilçileri kabul eden Papa Fransisk bilen duşuşandygyny ýatlatdy.

Papanyň özüne, “Prezident R. T. Erdogan parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky tagallalaryny dowam etdirmeli” diýendigini aýdan Göktaş, habarnamasynda “Watikan Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky töwellaçylyk tagallalaryna kanagatlanma bildirýär” diýdi.

Papa Fransisk, Watikanda iş alyp barýan ilçiler bilen bolan duşuşygynda söweşlere we bölünşiklere ünsi çekip “parahatçylygyň ýola goýulmagyny” arzuw etdi.

Papa, başdan geçirilýän kynçylyklaryň diplomatiýa arkaly çözülmeginiň möhümdigini belledi.

Ukrainada 24-nji fewraldan dowam edýän söweşiň ýaramaz täsirleri netijesinde ynsanlaryň şol bir wagtda açlyk we aşa sowuk sebäpli hem ýogalýandygyny ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar