Pakistanda ýaragly çaknyşyk başdan geçirildi

Pakistanyň Haýber Pahtunhwa ştatynda başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda 4 başbozar täsirsiz ýagdaýa getirildi, 1 polisiýa işgäri bolsa ýogaldy

1929561
Pakistanda ýaragly çaknyşyk başdan geçirildi

Ýurduň milli metbugatynda berilen habarlara görä, howpsuzlyk güýçleri Peşawaryň golaýynda başbozarlara garşy operasiýa geçirdi. 

Bolan ýaragly çaknyşykda 4 başbozar täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Bannu sebitinde bolsa başbozarlar gözegçilik işlerini geçirýän polisiýa ulagyna garşy hüjüm guradylar. 

Hüjümden soň gaçan başbozarlar öýleriň birine girip asuda ilaty zamun aldylar. 

Başbozarlar öýüň töweregini gaban polisiýa işgärlerine granat bilen hüjüm guradylar. 

Hüjümde 1 polisiýa işgäri ýogaldy, 1 polisiýa işgäri bolsa ýaralandy. 

Gaçan başbozarlary tapmak üçin operasiýa başladyldy. 



Degişli Habarlar