Germaniýada iki adam göz tussaglygyna alyndy

Germaniýada himiki hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan 1-i eýranly 2 adam göz tussaglygyna alyndy

1929549
Germaniýada iki adam göz tussaglygyna alyndy

Dýusseldorf prokuraturasyndan berilen beýanatda, Kastrop-Rauksel şäherinde ýaşaýan 32 ýaşyndaky eýranlynyň sianid we risin ýaly himiki maddalary satyn alandygy we himiki hüjüm guramagy meýilleşdirendigi şübhesi sebäpli göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

Şübhe astynda bolan adamyň öýüne şu gün irden köp sanda polisiýa işgäriniň we Robert Koh institutyndan hünärmenleriň gatnaşmagynda operasiýanyň guralandygy bellenen beýanatda, eýranly raýatyň we ýanyndaky ýene-de bir adamyň göz tussaglygyna alynyp, soraga çekilmek maksady bilen Içeri işler müdürligine alynyp gidilendigi mälim edildi. 

Germaniýanyň metbugaty daşary ýurtly razwedka gullugynyň Germaniýanyň howpsuzlyk güýçlerine himiki hüjüm howpy barada duýduryş berendigi barada ýazypdy. 

Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Içeri işler ministri Herbert Reul beren beýanatynda: "Polisiýa gullugyna gije operasiýa geçirmegini mejbur edýän maglumat aldyk" diýip aýan etdi. 

Herbert Reul Polisiýa gullugynyň derňew işini tiz depginler bilen dowam etdirýändigini habar berdi. 



Degişli Habarlar