ÝB-ne Agza Ýurtlar Bilen Şengen Ýurtlary Koronawirus Sebäpli Hytaýa Çäklendirme Girizerler

ÝB-ne agza ýurtlaryň, ÝB-niň degişli düzümleriniň we Şengene girýän ýurtlaryň degişli ýolbaşçylary Hytaýda Koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň artmagyna garşy görüşjek çäre hakynda pikir alyşmak üçin Brýusselde duşuşdylar.

1928490
ÝB-ne Agza Ýurtlar Bilen Şengen Ýurtlary Koronawirus Sebäpli Hytaýa Çäklendirme Girizerler

Maslahatdan soň Şwesiýanyň ýolbaşçylyk edýän Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinden berilen beýannama görä, Hytaýa giden we Hytaýdan gelen ähli ýolagçylara lukmançylyk agyz-burun örtüginiň geýilmeginiň maslahat berilmegi hakynda karar kabul edildi.

Maslahatda kabul edilen kararlarda ýolagçylaryň Kowid-19 testini etdirmekleri gönüden mejbur edilmedi.

Emma ÝB-ne agza ýurtlaryň Hytaýdan giden ähli ýolagçylaryň uçuşdan 48 sagat öň negatiw netijeli test talap edilmeginiň “güýçli höwelendiriljekdigi” beýan edildi.

ÝB-ne agza ýurtlar Hytaýdan uçan uçarlaryň zyňyndy suwlarynyň analiz edilmegi we ýolagçylaryň barlanyp, epidemologik ýagdaýyň öwrenilmegi üçin genom düzümleriniň analiz edilmegi boýunça hem ylalaşdylar.

 



Degişli Habarlar