ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gewin Nýusom, güýçli tupanyň golaýlap gelmegi sebäpli ştatda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi

1928414
ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gewin Nýusom, halky tupanyň ýaramaz täsirinden goramak üçin işe girişendiklerini habar berdi. 

Gewin Nýusom: "Bu adatdan daşary ýagdaý, tupan golaýlap gelmegi bilen döwletiň tiz wagtda jogap bermegine we dowam edýän çäreler boýunça ýerli resmileri goldamagyna mümkinçilik berer" diýip aýan etdi. 

Adatdan daşary ýagdaýyň çäginde halka mejbur bolmadyklary saýyn syýahat etmezlikleri barada çagyryş berildi. 

Sebitde ýaşaýanlara 3 gün ýetjek mukdarda azyk we suw ýygnamaklary, sowadyjylary diňe gerek bolan mahaly işletmekleri barada çagyryş berildi. 

Kaliforniýa ştatynda soňky birnäçe gün bäri aşa ýagýan ýagyşlar we garly ýagyş ýagmaga dowam edýär. 



Degişli Habarlar