ABŞ-da öýleriň birinde 5-i çaga jemi 8 adamyň jesedi tapyldy

ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky öýleriň birinde ýarag bilen öldürilendigi anyklanan 5-i çaga jemi 8 adamyň jesedi tapyldy

1928347
ABŞ-da öýleriň birinde 5-i çaga jemi 8 adamyň jesedi tapyldy

Polisiýa gullugy Ýuta ştatynyň Enoh şäherindäki öýde geçiren gözegçilik işleriniň netijesinde 8 adamyň jesedini tapdy. 

Mesele bilen bagly Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, 8 adamyň ählisiniň od açylyp öldürilendikleri habar berildi. 

Polisiýa gullugy sebitiň halkyna garşy howpuň bolmandygyny, şübhe astynda bolan hiç kimiň ýokdugyny mälim etdi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy, ýogalanlaryň şahsyýetleri barada bolsa maglumat berilmedi. 

Ýuta ştatynyň gubernatory Spenser Koks Twitterden beren beýanatynda, sebitde manysyz aksiýalardan täsir gören adamlaryň ýanyndadyklaryny belläp: "Enoh şäheriniň ýaşaýjylary üçin doga ediň" diýip haýyş etdi. 


Etiketkalar: #çaga , #jeset , #ABŞ , #Ýuta ştaty

Degişli Habarlar