Kambojadaky myhmanhanalaryň birinde ýangyn boldy

Günorta-gündogar Aziýada ýerleşýän Kambojada kazinosy bolan myhmanhanada bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy

1925071
Kambojadaky myhmanhanalaryň birinde ýangyn boldy

Kambojanyň Içeri işler edarasyndan berilen beýanata görä, Taýland serhedindäki Banteý Meançeý welaýatynyň Poipet şäherindäki Grand Diamond Siti myhmanhanasynda ýangyn boldy. 

Düýn gije başlan ýangynda myhmanhananyň işgärleri binanyň içinden çykyp bilmän kyn ýagdaýda galdylar, şol sebäpli wakada azyndan 10 adam ýogaldy, 30 adam ýaralandy. 

Sosial mediada paýlaşylan wideolarda binanyň içinden çykyp bilmedik adamlaryň penjirelerden bökendiklerini görüp bolýar. Ýaralanan köp sanda adam, serhediň beýleki tarapyndaky Taýlandyň Aranýaprathet şäherindäki hassahanalarda bejergi astyna alyndylar. 

Serhet söwdasynyň we syýahatçylygyň giň gerimli alynyp barylýan sebitde başdan geçirilen ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady. 

Taýlandyň PBS döwlet ýaýlym organyna görä, takmynan 400 işgäriň işleýän myhmanhanada Taýlandyň 50-ä golaý raýatynyň bolandygy habar berildi.  



Degişli Habarlar