Yslamabatda Kamikadze Hüjümi Guraldy

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda guralan kamikadze hüjüminde 1 polis öldi, 5 polis ýaralandy.

1922840
Yslamabatda Kamikadze Hüjümi Guraldy

Paýtagty etraplaryndan birinde gözegçilik geçirýän polis topary şühbeli ulagy saklamak isleýär.

Polisiň duýduryşna gulan asmadyk şübheli, ulagdaky bombany partladýar.

Hüjümde 1 polisiň ýogalandygy, 5 polisiň ýaralanandygy habar berildi.

Etraba köp sanly tiz kömek we ýangyn söndüriji topary ugradyldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini boýun alan bolmady.

Pakistan Talibany (TTP) 28-nji noýabrda sosial mediadan 10-njy maýda resmi Yslamabat bilen gazanylan ylalaşygyň möhletiniň gutarandygyny we tarapdarlaryna ýurtda howpsuzlyk güýçelerine hüjüm guramaklary üçin buýruk berendigini beýan edipdi. Gurama şol günden bäri howpsuzlyk güýçlerine hüjümler guraýar.

Pakistan TTP-ni terror guramasy hökmünde ykrar edýär.

 



Degişli Habarlar