Kolumbiýada nebit saklanýan ätiýaçlyk çelegi partlady

Wakada 1 adam ýogaldy

1922188
Kolumbiýada nebit saklanýan ätiýaçlyk çelegi partlady

Kolumbiýanyň Barrankilýa şäherinde nebit saklanýan ätiýaçlyk çeleginiň partlamagy netijesinde 1 ýangyn söndüriji ýogaldy. 

Kolumbiýanyň Barrankilýa şäherinde ýerleşýän uglewodorod ammarynda partlama boldy. 

Ýangynyň gysga wagtda ýaýramagy sebäpli wakanyň bolan ýerine köp sanda ýangyn söndüriji topar gönükdirildi. 

Resmiler ýangyny söndürmek işlerinde 1 ýangyn söndürijiniň ýogalandygyny belläp, ammardaky ähli ýangyjyň ýanyp gutarmagyna garaşýandyklaryny we ýangynyň 3-4 gün dowam edip biljekdigini habar berdiler. 


Etiketkalar: #nebit , #ýangyn , #Kolumbiýa

Degişli Habarlar