Perudaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artýar

Wise-prezident Dina Boluarte Pedro Kastillonyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň, ýurduň täze Prezident hökmünde 8-nji dekabrda kasam edipdi

1919736
Perudaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artýar

Peruda ýurduň Prezidenti Pedro Kastillonyň 7-nji dekabrda Kongresde wezipesinden çetleşdirilip, tussaghana ugradylmagyndan soň başlan protest aksiýalarynda ýogalanlaryň sany 18 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 426 adama ýetdi. 

Paýtagt Lima şäheri başda bolmak bilen ýurduň ençeme şäherinde köçelere çykan demonstrantlar, polisiýa işgärleri bilen çaknyşdy. 

Wakalarda ýene-de 9 adamyň ýogalmagy bilen Kongrese we hökümete garşy bolan aksiýalarda ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi. 

Demonstrantlaryň arasynda bolan dawalarda bolsa 216-sy polisiýa işgäri, 210-sy asuda raýat jemi 426 adam ýaralandy. 

Protestçiler ýurduň täze Prezidenti Dina Boluarteniň wezipesinden çekilmegini, göz tussaglygynda bolan ýurduň ozalky Prezidenti Pedro Kastillonyň azat edilmegini, Kongresiň ýapylmagyny we saýlaw senenamasynyň iň gysga wagtda kesgitlenilmegini talap edýärler. 

Dina Boluarte düýn beren beýanatynda umumy saýlawlaryň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilip bilinjekdigini belläpdi. 

Hökümet zorlukly hadysalar we protestler sebäpli 14-nji dekabrda ýurduň ähli ýerinde 30 gün möhlet bilen Adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi. 

Boluarte bolsa wezipesinden çekilmegi üçin eýýäm ençeme gün bäri protest geçirýän demonstrantlara dialog geçirmek barada çagyryş beripdi. 

Pedro Kastillo Kongresi dargatmak we milli adatdan daşary ýagdaý hökümedini gurmak barada karara geleninden soň göz tussaglygyna alynypdy. 

Wise-prezident Dina Boluarte Pedro Kastillonyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň, ýurduň täze Prezident hökmünde 8-nji dekabrda kasam edipdi. 


Etiketkalar: #demonstrantlar , #protest , #Peru

Degişli Habarlar