Pakistanyň we Täjigistanyň arasynda ylalaşyk resminamalary baglaşyldy

Pakistanyň we Täjigistanyň arasynda senagat, ylym, tehnologiýa, söwda we galkynyş ugurlarynda hyzmatdaşlyk ylalaşyk resminamalaryna gol çekildi

1919200
Pakistanyň we Täjigistanyň arasynda ylalaşyk resminamalary baglaşyldy
tacikistan cumhurbaskani imamali rahman-sahbaz serif.jpg
tacikistan cumhurbaskani imamali rahman-sahbaz serif.jpg

Milli metbugatda berilen habarlara görä, resmi sapar bilen Yslamabad şäherine baran Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Premýer ministr Şahbaz Şerif bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda energiýa baglanşygy, oba hojalyk, azyk tehnologiýasy, söwda, ylym we tehnologiýa ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Iki lider Pakistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşlygyň artdyrlmagynyň üstünde durup geçdiler. 

Şahbaz Şerif CASA-1000 ýokary woltly elektrik liniýa taslamasynyň mümkin bolan iň gysga wagtda tamamlanmagy üçin Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny belledi. 

Iki ýurduň arasynda senagat, ylym, tehnologiýa, söwda we galkynyş ugurlarynda hyzmatdaşlyk ylalaşyk resminamalaryna gol çekildi. 

Gyrgyzystan we Täjigistan elektrik toguny Owganystanyň üstaşyr Pakistana eksport etjek CASA-1000 ýokary woltly elektrik liniýa taslamasy bilen baglanşykly işler 2016-njy ýylda başlapdy. 



Degişli Habarlar