Russiýada nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn ýüze çykdy

Russiýanyň Angarsk şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýüze çykan ýangynda 2 adam ýogaldy

1919343
Russiýada nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn ýüze çykdy

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan berilen beýannama görä, Irkutsk sebitiniň Angarsk şäherinde ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn ýüze çykdy.

Ýangyn 2 müň ind metrden gowrak meýdana ýaýrady, wakanyň bolan ýerine ýangyn söndürijiler gönükdirildi. 

Ýangyn ilkinji kesgitlemelere görä gaz basyşy sebäpli ýüze çykdy. 

Russiýanyň Derňew komitetinden berilen beýanatda, ýangynda 2 adamyň ýogalandygy, 4 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi. 

Beýanatda waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy aýan edildi. 

 



Degişli Habarlar