Ýemende Mekdebe Guralan Hüjümde 1 Çaga Ýogaldy

“Husiler, dersde mahaly Selam mekdebini uçarmansyz howa ulagy bilen bombalady”

1918392
Ýemende Mekdebe Guralan Hüjümde 1 Çaga Ýogaldy

Ýemeniň Hajje etrabynda uçarmansyz howa ulagy bilen mekdebe guralan hüjümde 1 çaga ýogaldy, 3 çaga ýaralandy.

Ýemeniň hökümetinden berlen habarda, Hajjeniň Haýran etrabynyň Deýr obasynda “As Selam mekdebine” guralan hüjümden Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň jogapkärdigi nygtaldy.

Habarda “Husiler, dersde mahaly Selam mekdebini uçarmansyz howa ulagy bilen bombalady” diýildi.

Hüjümde 11 ýaşyndaky okuwçynyň ýogalandygy, 3 okuwçynyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Husiler tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Ýurduň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Hajje welaýatynyň esasy bölegi Husileriň gözegçiligi astynda.

Hökümete tabynlykdaky güýçler Haýran etrapçasy bilen birlikde käbir etrapçanyň gözegçiligini ele geçirdi.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #mekdep , #Husiler , #Ýemen

Degişli Habarlar