ABŞ, Bangladeşli Musulmanlary Kabul Eder

ABŞ ýylda 300 bilen 800 bosguny kabul eder

1915847
ABŞ, Bangladeşli Musulmanlary Kabul Eder

Bangladeş, ABŞ-nyň 1 milliona golaý Arakanly musulman bosguny kabul eden Koks Bazar sebitinden ýylda 300 bilen 800 bosguny kabul etjekdigini habar berdi.

Bangladeşiň Daşary işler ministri Ak Abdul Momen paýtagt Dakkada metbugata beren beýannamada “İlkinji etapda Arakanly 62 bosgunyň 8-nji dekabrda ABŞ ýerleşdirilmegi meýilleşdirildi. ABŞ ýylda 300-800 bosguny kabul eder” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen 4-nji aprelde Waşingtonda duşuşandyklaryny aýdan Momen, duşuşykda ABŞ-dan Arakanly musulmanlary kabul etmegini talap edendiklerini we Blinkeniň talaplaryny kabul edendigini ýatlatdy.

Bangladeşiň bosgun ýüküniň azaldylmagy üçin azyndan 100 müň Arakanly musulmanly alynmalydygyny aýdan Momen, Britaniýa we Ýaponiýa ýaly ösen ýurtlardan hem bosgunlary kabul etmeklerini islejekdiklerini nygtady.

Bangladeşiň Koks Bazar sebiti, 2017-nji ýyldan bäri Mýmanmadaky basyşdan we zulumdan gaçan 1 milliona golaý Arakanly musulmana ýer eýeçiligini edýär.

 


Etiketkalar: #bosgun , #ABŞ , #Bangladeş

Degişli Habarlar