Taliban häkimiýete geçmeginden bäri ilkinji gezek bir adamy halk köpçüliginiň öňünde jezalandyrdy

Taliban hökümediň başyna geçmeginden bäri ilkinji gezek bir adama halk köpçüliginiň öňünde jezalandyryp, öldürdi

1916125
Taliban häkimiýete geçmeginden bäri ilkinji gezek bir adamy halk köpçüliginiň öňünde jezalandyrdy

Taliban Owganystanda hökümediň başyna geçen senesi bolan 2021-nji ýylyň 15-nji awgustyndan bäri jenaýat sebäpli tussag edilen bir adamy ilkinji gezek halk köpçüliginiň öňünde jezalandyryp, öldürdi. 

Talibanyň Metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid beren beýanatynda, Farah welaýatynyň günbatarynda ýerine ýetirilen ölüm jezasyna ýüzlerçe adamyň we Kabuldan Talibanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşandygyny habar berdi. 

Müjahid ölüm jezasy bilen bagly kararyň örän ünsli ýagdaýda berilendigini, kararyň ýurtda ygtyýarlandyrylan 3 ýokary derejeli kazyýet we Talibanyň lideri Molla Hibetullah Ahundzade tarapyndan tassyklanandygyny mälim etdi. 

Ýogalan adamyň maşgalasynyň  şikaýat etmegi sebäpli Tajmir atly günäliniň Talibanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanandygyny aýdan Müjahid, aýyplanýan adamyň jenaýaty boýun alandygyny belledi. 

Jenaýatçynyň 5 ýyl ozal başga bir adamy öldürendigi, motosiklini we öýjükli telefonyny ogurlandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar