Hazar deňizinde 2 müň 500-e golaý düwleniň ölendigi habar berildi

Nesli gutaryp barýan düwleniň (týulen) hazar suw iti görnüşi "Hazar faunasyndaky ýeke-täk deňiz süýdemdirijisi" hökmünde bilinýär

1914658
Hazar deňizinde 2 müň 500-e golaý düwleniň ölendigi habar berildi

Russiýa Federasiýasyna degişli Dagystan Respublikasynda Hazar deňiziniň kenarynda 2 müň 500-e golaý düwleniň (týulen) hazar suw iti görnüşiniň öli ýagdýada tapylandygy mälim edildi.

Dagystan Respublikasynyň Tebigy baýlyklar we Ekologiýa ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, sebitiň Hazar deňiziniň kenarynda ölen düwlenleriň tapylandygy habar berildi. 

Ilki başda 600-den gowrak bolan ölen düwlenleriň (týulen) sanynyň artmaga dowam edendigi bellenen beýanatda: "Gynansagam ölen düwlenleriň sany uly mukdarda artdy we häzirki wagtda 2 müň 500-e golaýlady" diýip aýan edildi. 

Ölen düwlenleriň deňiziň kenarynda tapawutly ýerlerde tapylandygyna ünsler çekilen beýanatda, esasan hem Ýuzbaş sebitinde we Sulak bilen Şurnika derýalarynyň deltalarynda köp sanda ölen düwlen haýwanlary tapyldy. 

Beýanatda köpçülikleýin häsýetde düwlen ölümleriniň sebäbiniň haýwanlardan alynan patologik materiallaryň laboratoriýa şertlerinde geçiriljek derňewlerden soň anyklanjakdygy beýan edildi. 

Hazar deňizinde soňky 10 ýylda ilkinji gezek bular ýaly derejede düwlen ölümleriň başdan geçirilendigine ünsler çekildi. 

Nesli gutaryp barýan düwleniň (týulen) hazar suw iti görnüşi "Hazar faunasyndaky ýeke-täk deňiz süýdemdirijisi" hökmünde bilinýär. 



Degişli Habarlar