Fransiýada Hassahana Kiber Hüjüm Guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini kompýuter haker topary öz üstüne aldy.

1914952
Fransiýada Hassahana Kiber Hüjüm Guraldy

Fransiýada Wersaý hassahanasyna hepdäniň ahyrynda kiber hüjüm guraldy.

Fransuz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Wersaý hassahanasy şenbe güni kiber hüjüme sezewar boldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini kompýuter haker topary öz üstüne aldy.

Täsiri henizem dowam edýän kiber hüjüm sebäpli käbir hassalar, sebitdäki başga keselhanalara ýatyryldy.

Käbir operasiýalaryň hüjüm sebäpli bes edilendigi bellenildi.

3 müň hünärmeni bolan hassahananyň internet aragatnaşygy hem kesildi.

Saglygy goraýyş ministri Braus, kiber hüjümiň hassahananyň dolanşygynyň dolulygyna üýtgedip guralmagyna sebäp bolandygyny mälim etdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar