Polşadan Beýik Britaniýa barýan uçar gyssagly ýagdaýda Çehiýa gondy

Polşanyň Krakow şäherinden Beýik Britaniýanyň Bristol şäherine tarap ýol alan ýolagçy uçarynyň, bomba howsalasy sebäpli Çehiýanyň paýtagty Pragada şäherine gonandygy habar berildi

1914851
Polşadan Beýik Britaniýa barýan uçar gyssagly ýagdaýda Çehiýa gondy

The Guardian gazediniň berýän habaryna görä, Polşadan uçan we Beýik Britaniýa tarap barýan EasyJet howa ýollar kärhanasyna degişli uçar, berilen maglumata laýyklykda içinde bombanyň bolup biljekdigi baradaky şübhe esasynda Çehiýanyň paýtagty Praga şäherine ugrukdyryldy. 

Praga howa menziliniň resmileri "6276" belgeli uçaryň düýn ýerli wagt bilen sagat 22:50-de howpsuz ýagdaýda howa menziline gonandygyny habar berdiler. 

Çehiýanyň Polisiýa gullugy hünärmenleriň uçarda gözleg işlerini geçirendiklerini we ady agzalan elementi gözländiklerini beýan etdi. 

Howa menziliniň dolanşygy tarapyndan berilen beýanatda, uçarda howply elementiň tapylmandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar