Kolumbiýadaky ýer süýşgüninde 3 adam ýogaldy

Kolumbiýada awtomagistral ýolunda bolan ýer süýşgüninde ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy, 20-den gowrak adam gorpyň aşagynda galdy

1914560
Kolumbiýadaky ýer süýşgüninde 3 adam ýogaldy

Risaralda dolanşyk sebitine degişli Kali-Kondoto ýolunda ýer süýşgüni başdan geçirildi. 

Ýolagçy awtobusy bilen köp sanda ulagyň ýeriň aşagynda galan tebigy apatda, häzirki wagta çenli 3 adamyň ýogalandygy, 20-den gowrak adamyň bolsa gorpyň aşagynda galandygy habar berildi. 

Sebite köp sanda raýat goranyş, ýangyn söndüriji, polisiýa we tiz kömek topary ugradyldy. 

Risaralda welaýatynyň gubernatory metbugata beren beýanatynda, häzirki wagta çenli 9 adamyň ýeriň aşagynda çykarylandygyny, gözleg we halas ediş işleriniň arakesmesiz dowam edýändigini mälim etdi. 

Ýurduň Prezidenti Gustawo Petro sosial media hasabyndan beren beýanatynda, waka çuňňur gynanç bildirýändigini belläp: "Ýeriň aşagynda galan adamlaryň halas edilmegi üçin her dürli tagallany edýäris. 9 adam halas edildi, 3 adam ýogaldy we 20-den gowrak adamyň halas edilmegi üçin işler dowam etdirilýär. Bu bir tragediýadyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar