Polşa ýerleşdirme merkezlerinde galýan ukrainalylardan töleg almagy meýilleşdirýär

Polşanyň hökümeti ýurtdaky ýerleşdirme merkezlerinde 4 aýdan gowrak wagt galýan ukrainaly bosgunlarda azyk we ýaşaýyş üçin töleg almagy meýilleşdirýär

1912795
Polşa ýerleşdirme merkezlerinde galýan ukrainalylardan töleg almagy meýilleşdirýär

Polşanyň mediasynda berilen habarlara görä, bosgunlar we býujet bilen bagly kararlary öz düzüminde jemleýän kanun taslamasy Ministrler kabineti tarapyndan tassyklandy. 

Şoňa laýyklykda Polşanyň hökümeti ýurtdaky ýerleşdirme merkezlerinde 4 aýdan gowrak wagt galýan ukrainaly bosgunlardan azyk we ýaşaýyş üçin töleg almagy meýilleşdirýär. 

Ady agzalan kanun taslmasynyň düzümine garry adamlar, maýyplygy sebäpli işläp bilmeýänler we hamyla zenanlar girmez. 

Polşanyň Sosial ätiýaçlandyryş guramasy, Ukrainanyň her bir raýatynyň ýurda her giren we çykan mahaly maglumat bermelidigni we Polşadan çykan adamlaryň ýardam tölegleriniň bes ediljekdigini habar berdi. 

Täze düzgünleriň 2023-nji ýylyň 1-nji martynda başlap güýje girjekdigi beýan edildi. 

Ministrler kabinetinde kabul edilen kararlaryň nobatdaky tassyklama ýeri bolsa Polşanyň mejlisi bolar. 

Ukraina-Russiýa söweşiniň 24-nji fewralda başlamagyndan bäri ukrainaly 8 million bosgun Polşa girdi. Şolaryň uly bölegi ýa ýurtlaryna gaýdyp bardy ýa-da Günbatar Ýewropa ýurtlaryna geçdi. 

Polşanyň territoriýasynda häzirki wagtda takmynan 1,5 million ukrainalynyň ýaşaýandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #töleg , #raýat , #Ukraina , #Polşa

Degişli Habarlar