“217 Gezek Guralan Himiki Hüjümden Siriýanyň Hökümeti Jogapkär”

Siriýa Adam hukuklary tory, Asada tabynlykdaky güýçleriň kazyýet işine çekilmegi üçin çagyryş berdi.

1913017
“217 Gezek Guralan Himiki Hüjümden Siriýanyň Hökümeti Jogapkär”

Siriýa Adam hukuklary tory, Siriýadaky içerki uruşda 217 gezek himiki hüjümiň guralandygyny mälim edi we Asada tabynlykdaky güýçleriň kazyýet işine çekilmegi üçin çagyryş berdi.

Siriýada adam hukuklarynyň basgylanmagyna gözegçilik edýän SNHR, himiki ýarag howpuna ünsi çekmek maksady edilen “Himiki Söweşiň gurbanlaryny hatyralama gününde habarnama çap etdi.

Habarnamada, Asada tabynlykly güýçleriň Siriýadaky içeri uruşyň başlamagyndan soň, oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guran himiki hüjümlerinde ýogalanlardan 1500-den gowrak adamyň şahsyýetiniň anyklanylandygy nygtaldy.

Habarnamada “217 gezek guralan himiki hüjümden Siriýanyň hökümeti jogapkär” diýildi.

Habarnamada, Asada tabynlykdaky güýçleriň 2013-nji ýylyň 21-nji awgustynda Gündogar Gutada guran himiki hüjüminde 1400-den gowrak adamyň ýogalandygy ýatladyldy.

Habarnamada, Asada tabynlykly güýçleriň şol hümden soň 184 gezek himiki ýarag ulanandygy bellenildi.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar