"Russiýa Importda we Eksportda Täze Bazarlara Gönükmek Üçin Degişli Çäreleri Görýär”

Putin bilen Tokaýew Kreml köşgünde iki çäk duşuşyk geçirdi

1911958
"Russiýa Importda we Eksportda Täze Bazarlara Gönükmek Üçin Degişli Çäreleri Görýär”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, söwda gatnaşyklarynda täze bazarlara gönügendiklerini nygtap, “Halkara söwda gatnaşyklarynda uly krizis başdan geçirilýär. Russiýa importda we eksportda täze bazarlara gönükmek üçin degişli çäreleri görýär”diýdi.

Putin paýtagt Moskwada saparda bolýan Gazagystanyň Prezidenti Kasým- Žomart Tokaýew bilen Russiýanyň Orenbugr şäherinde geçirilýän Russiýa-Gazagystan forumyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Russiýanyň, Gazagystanyň ykdysadyýetine maýa goýan esasy ýurtlardan biridigine ünsi çeken Putin, “Gazagystandaky maýa goýumlarymyz 17 milliard dollara çenli baryp ýetdi. Gazagystanda 30-dan gowrak taslamanyň jogapkärçiligini öz üstümize aldyk” diýdi.

Wladimir Putin, Gazagystan bilen ýurdunyň arasyndaky logistiki infstrukturany ösdürmek üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Putin bilen Tokaýew forumda eden çykyşlaryndan soň Kreml köşgünde iki çäk duşuşyk geçirdi



Degişli Habarlar