Igor Konaşenkow Rus goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainanyň harby dolanşyk we energetika ulgamlaryna garşy uzak aralykly ýokary takyk ýaraglar bilen hüjümler gurandyklaryny habar berdi

1910906
Igor Konaşenkow Rus goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň harby güýçleriniň Russiýa-Ukraina söweşindäki hereketleri barada maglumat berdi. 

Ukraina garşy raketalar bilen hüjüm gurandyklaryny aýdan Konaşenkow: "Russiýanyň Ýaragly güýçleri 23-nji noýabrda Ukrainanyň harby dolanşyk ulgamlaryna we şol ulgamlar bilen baglanşykly energetika infrastrukturalaryna garşy howadan, deňizden we gury ýerden uzak aralykly ýokary takyk ýaraglar bilen giň-gerimli hüjümler guradyk" diýip mälim etdi. 

Hüjümleriň bellenen nyşanalara ýetendigini we ozaldan kesgitlenen ähli nokatlaryň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow: "Hüjümleriň netijesinde daşary ýurt ýaraglaryň, harby esbaplaryň we ok-därileriň çaknyşyklaryň dowam edýän sebitlerine Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine degişli otlylar bilen ugradylmak tapgyrynyň öňi alyndy" diýip beýan etdi. 

Igor Konaşenkow Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki ýerlere garşy bolsa hüjüm guramandyklaryny öňe sürdi. 

Ukrainanyň harby güýçleriniň Kupýansk, Krasnyý Liman, Donetskiň günorta taraplaryndaky hüjümleriniň yzyna serpikdirilendigini aýdan Konaşenkow, şol ýerlerdäki çaknyşyklarda 120-den gowrak ukrainaly esgeriň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini we köp sanda harby enjamyň ýok edilendigini öňe sürdi. 

Konaşenkow soňky 24 sagatda Ukrainanyň goşunyna degişli 4 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarylandygyny belläp: "Şu günki güne çenli Ukraina degişli 333 uçar, 177 dikuçar, 2 müň 558 uçarmansyz howa ulagy, 390 howa goranyş raketa ulgamy, 6 müň 791 taňk we sowutly ulag, 902 köp nilli raketa atyjy ulgam, 3 müň 616 gaubisa we minomýot, 7 müň 340 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip belledi. 



Degişli Habarlar