Russiýanyň nebit eksporty bölekleýin bes edildi

Ukraina tehniki näsazlyklar sebäpli Družba geçirijisiniň üsti bilen edilýän eksporty 15-nji noýabrda dolulygyna bes edipdi, bir gün soň bolsa ýaňadandan başladypdy

1910319
Russiýanyň nebit eksporty bölekleýin bes edildi

Russiýanyň nebit geçiriji turba liniýasynyň dolandyryjy kärhanasy Transneft, Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa ugradylýan nebitiň bölekleýin bes edilendigini habar berdi.

Transneft kärhanasyndan Russiýanyň TASS habarlar agentligine berilen beýanatda, Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa ugradylýan Družba liniýasyndaky eksportyň bölekleýin häsýetde bes edilendigi mälim edildi.

Beýanatda geçirijiniň üsti bilen Wengriýa eksportyň dolulygyna bes edilendigi, Slowakiýada bar bolan nebit ammarlarynyň saýasynda bolsa Çehiýa we Slowakiýa eksportyň dowam edýändigi aýan edildi.

Ukraina tehniki näsazlyklar sebäpli Družba geçirijisiniň üsti bilen edilýän eksporty 15-nji noýabrda dolulygyna bes edipdi, bir gün soň bolsa ýaňadandan başladypdy. 



Degişli Habarlar