“Russiýany Terrory Maliýeleşdirýän Ýurt Diýip Yglan Etmegimiziň Yzy Ýanyndan Kiber Hüjüm Guraldy”

“Ýewropa Parlamentine kiber hüjüm guraldy. Hüjümiň jogapkärçiligini Kremliň tarapdary bolan topar öz üstüne aldy”

1910312
“Russiýany Terrory Maliýeleşdirýän Ýurt Diýip Yglan Etmegimiziň Yzy Ýanyndan Kiber Hüjüm Guraldy”

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola, Ýewropa Parlamentiniň Russiýany “Terrory maliýeleşdirýän ýurt” diýip yglan etmeginden son kiber hüjüme sezewar bolandygyny mälim etdi.

Roberta Metsola, Twitterden beren habarnamasynda, “Ýewropa Parlamentine kiber hüjüm guraldy. Hüjümiň jogapkärçiligini Kremliň tarapdary bolan topar öz üstüne aldy” diýdi.

Hünärmenleriň hüjüme garşy göreşýändigini nygtan Metsola, “Russiýany terrory maliýeleşdirýän ýurt” diýip yglan etmegimiziň yzy ýanyndan kiber hüjüm guraldy” diýdi.

Merkezi Fransiýanyň Strasbug şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynda “adamzada garşy edýän jenaýatlary” sebäpli Russiýanyň “terrory maliýeleşdirýän ýurt” diýip yglan edilmegi baradaky karar taslamasy sese goýuldy.

Taslama 494 halk deputatynyň sesi bilen kabul edildi.

58 halk deputaty bolsa taslama “garşy” ses berdi.



Degişli Habarlar