Kolumbiýada kiçi uçar ýere gaçdy
Saglygy goraýyş edarasy ýogalan adamlaryň 6-synyň ýolagçylardan, 2-siniň bolsa ekipaždan ybaratdygyny mälim etdi
1909194
Kolumbiýanyň Medellin şäherinde kiçi uçaryň ýaşaýyş zolagynyň üstüne gaçmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Saglygy goraýyş edarasy ýogalan adamlaryň 6-synyň ýolagçylardan, 2-siniň bolsa ekipaždan ybaratdygyny mälim etdi.
Wakada ýaşaýyş zolagynyň çäklerindäki 4 öýe zeper ýetdi.
Medellin şäheriniň häkimi Daniel Kuinntero uçaryň Olaýa Herrera howa menzilinden uçanyndan gysga wagt soň dwigatelinde näsazlygyň başdan geçirilendigini we gonmak üçin yzyna gaýdyp gelýärkä ýaşaýyş ýerleriniň üstüne gaçandygyny habar berdi.
Degişli Habarlar
Rafahy Terk Edenleriň Sany 110 Müňe Golaýlady
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň sany gün saýyn artýar