Rus Güýçleri Hersondan Dolulygyna Çekildi

“Şu gün irden rus güýçleri dolulygyna Dnepr derýasynyň çep ýakasyna çekildi. Derýanyň sag ýakasynda harby topar galmady”

1905424
Rus Güýçleri Hersondan Dolulygyna Çekildi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Herson şäherindäki rus giýçleriniň dolulygyna Dnepr derýasynyň çep ýakasyna çekilendigini, derýanyň sag ýakasynda harby toparyň galmandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, rus harby güýçleriniň 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

Rus goşunynyň Hersondan çekilmegi barada hem durup geçen Konaşenkow “Şu gün irden rus güýçleri dolulygyna Dnepr derýasynyň çep ýakasyna çekildi. Derýanyň sag ýakasynda harby topar galmady” diýdi.

Konaşenkow, harby güýçler Hersondan çekilýärkä hiç hili adam pidasynyň çekilmändigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar