“Kiber Howpsyzlyga Has Köp Maýa Goýulmagy Üçin Çagyryş Berýärin”

Stoltenberg, Rimde Italiýanyň we ABŞ-nyň goldaw bermeginde geçirlen NATO-nyň Kiber howpsyzlyk konferensiýasyna gatnaşdy.

1904882
“Kiber Howpsyzlyga Has Köp Maýa Goýulmagy Üçin Çagyryş Berýärin”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, gurama agza ýurtlara kiber howpsyzlyk pudagyna has köp maýa goýulmagy üçin çagyryş berdi.

Stoltenberg, Rimde Italiýanyň we ABŞ-nyň goldaw bermeginde geçirlen NATO-nyň Kiber howpsyzlyk konferensiýasyna gatnaşdy.

Konferensiýada çykyş eden Stoltenberg, “Şu ýyl Russiýanyn döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň demokratik we özygtyýarly ýurt Ukraina garşy yglan eden söweşi gurama agza ýurtlara uly zeper ýetirdi. Ukraina, halkynyň tutanýerli göreşi we NATO agza ýurtlaryň beren goldawlary netijesinde Russiýanyň hüjümini yzyna serpikdirdi. Biz Ukraina goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Russiýanyn şol bir wagtda Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki edaradyr-kärhanalaryna we guramalaryna kiber hüjüm gurandygyny aýdan Stoltenberg, kiber hüjüm sebäpli Ýewropada on müňlerçe adamyň internedinin kesilendigini ýatlatdy.

Stoltenberg, NATO hökmünde üstümizdäki aýyň ahyrynda Estoniýada “Kiber hyzmatdaşlyk” türgenleşigini geçirjekdiklerini we türgenleşigiň dünýäde bu ugurda geçiriljek iň uly türgenleşik boljakdygyny belledi.

Stoltenberg “Kiber howpsyzlyk biziň üçin diýseň möhüm. Şol sebäpli hem agza ýurtlarymyza kiber howpsyzlyk pudagyna has köp maýa goýmaklary üçin çagyryş berýärin” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar