Eýranyň Şiraz şäherinde guralan hüjüm bilen bagly 26 adam tussag edildi

Eýran 26-njy oktýabrda Şiraz şäherinde 15 adamyň ýogalmagy bilen netijelen ýaragly hüjüm bilen arabaglanşygy bolan 26 adamyň tussag edilendigini habar berdi

1903546
Eýranyň Şiraz şäherinde guralan hüjüm bilen bagly 26 adam tussag edildi

Eýranyň IRNA habarlar agentliginiň ýurduň Howpsuzlyk ministrliginiň beren beýanatyna esaslanyp beren habaryna görä, Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähine garşy guralan hüjüm bilen bagly geçirilýän derňew işiniň çäginde, häzirki wagta çenli ählisi daşary ýurtly bolan 26 adam tussag edildi. 

Tussag edilenleriň Täjigistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň raýatlarydygy öňe sürüldi. 

Habarda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinden uçar bilen Eýrana gireninden soň terror guramasy DAIŞ-iň Owganystandaky agzalary bilen aragatnaşyga geçen Azerbaýjanyň bir raýatynyň hüjümiň esasy koordinatorydygy öňe sürüldi. 

Beýleki tarapdan ozal daşary ýurtlydygy beýan edilen hüjümiň jogapkäriniň "Sobhan Kumruni" atly Täjigistanyň raýatydygy öňe sürülipdi. 

Eýranyň döwlet telewideniýesi 26-njy oktýabrda Pars welaýatynyň dolanşyk merkezi Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähine garşy guralan ýaragly hüjümde aralarynda 2 çaga hem bolan jemi 15 adamyň ýogalandygyny, 21 adamyň hem ýaralanandygyny habar beripdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy. 

Wakadan soň ýaraly ýagdaýda saklanandygy beýan edilen hüjümçiniň hassahanada ýogalandygy aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar