Russiýa Mali Döwletine Dökün we Bugdaý Kömegini Berer

Russiýa Mali Döwletine 60 müň tonna uglewodorod, 35 müň tonna dökün we 25 müň tonna bugdaý kömegini berer

1901849
Russiýa Mali Döwletine Dökün we Bugdaý Kömegini Berer

Russiýa Mali döwletine gymmaty 100 million dollara barabar bolan uglewodorod, dökün we galla kömegini berer.

Maliniň Ykdysadyýet ministri Aluseýni Sanu, Russiýanyň ýurduna 60 müň tonna uglewodorod, 35 müň tonna dökün we 25 müň tonna bugdaý kömegini berjekdigini aýtdy.

Sanu Russiýanyň berjek kömeginiň birnäçe hepdäniň dowamynda ýurduna gelip gowuşjakdygyny nygtady.

Maliniň Ykdysadyýet ministri Aluseýni Sanu 27-nji oktýabrda Russiýada saparda bolupdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Mali döwletiniň Prezidenti Assimi Goýta hem Moskwada duşuşupdy we iki lider özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

 


Etiketkalar: #bugdaý , #Mali , #Russiýa

Degişli Habarlar