"Galla Geçelgesi Ylalaşygynda Türkiýe Uly Rol Oýnady"

Praýs, Russiýanyň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy hakyndaky kararyndan ýüz öwürmeginde uly rol oýnandygy üçin Türkiýä sag bolsyn aýtdy

1901391
"Galla Geçelgesi Ylalaşygynda Türkiýe Uly Rol Oýnady"

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Russiýanyň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy hakyndaky kararyndan ýüz öwürmeginde uly rol oýnandygy üçin Türkiýä sag bolsyn aýtdy

Praýs metbugata beren beýannamasynda, Russiýanyňi ukrain gallasynyň eksport edilmeginde uly rol oýnaýan Gara deňiz galla geçelgesine ylalaşygyna dolanmagyndan hoşaldyklaryny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi ylalaşyga laýyklykda häzire çenli Ukrainadan10 million tonnalyk gallanyň eksport edilendigini ýatlatdy we galla geçelgesi ylalaşygyny dünýä üçin “ýüzöwrülmesiz” hökmünde häsiýetlendirdi.

Praýs, Türkiýäniň galla geçelgesi ylalaşygynyň ýaňadan açylmagynda Türkiýäniň uly rol oýandygyna ünsi çekdi.

 

 



Degişli Habarlar