Sergeý Şoýgu Russiýa-Ukraina söweşi barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainada soňky 2 hepdede 190-dan gowrak daşary ýurtly hakyna tutma söweşijiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini we 74 taňk bilen 235 sowutly ulagyň ýok edilendigini habar berdi

1900671
Sergeý Şoýgu Russiýa-Ukraina söweşi barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, paýtagt Moskwa şäherinde harby resmiler bilen geçiren maslahatynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi. 

Russiýada 21-nji sentýabrda yglan edilen bölekleýin mobilizasiýanyň çäginde goşuna 300 müň adamyň çagyrylandygyna ünsleri çeken Sergeý Şoýgu, mobilizasiýa bilen bagly çäreleriň tamamlanandygyny habar berdi. 

Sergeý Şoýgu mobilizasiýanyň çäginde çagyrylan adamlaryň poligonlardaky tälimleriniň tamamlanyp barýandygyny belläp: "87 müň adam tälim alanlaryndan soň, çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitlere ugradyldy" diýip mälim etdi. 

Ministr Sergeý Şoýgu rus goşunynyň Ukrainadaky hereketleri babatynda maglumat berip: "Soňky 2 hepdede 190-dan gowrak daşary ýurtly hakyna tutma söweşiji öldürildi, 74 taňk, 235 sowutly ulag, 2 sany HIMARS köp nilli raketa ulgamy we 288 sany agyr polemýotly ulag ýok edildi" diýip aýan etdi. 

Ukrainanyň harby infrastrukturasyna garşy ýokary takyk ýaraglar bilen hüjüm guramaga dowam edýändiklerini aýdan Şoýgu, şol hüjümleriň Ukrainanyň harby potensialyny gowşadandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar