Eýranda bombaly hüjüm guramagy meýilleşdiren bir adam saklandy

Eýran terror guramasy DAIŞ tarapyndan gurnalan hüjümde 15 adamyň ýogalan ýurduň Şiraz şäherinde bombaly hüjüm guramagy meýilleşdiren bir adamyň saklanandygyny habar berdi

1899127
Eýranda bombaly hüjüm guramagy meýilleşdiren bir adam saklandy

Şiraz welaýatynyň gubarnatory Lütfullah Şeýbani şäheriň iň işjeň köçeleriniň birinde meýilleşdirilen bombaly hüjümiň öňüniň alynandygyny mälim etdi. 

Şeýbani: "Birnäçe gün ozal gije bir adam Şiraz şäheriniň Moali Abad köçesinde bomba ýerleşdirmäge synanyşdy, emma howpsuzlyk güýçleriniň ünsli çemelşmesi saýasynda ýerleşdirip bilmedi" diýip aýan etdi. 

Sumkasynda weýran ediji partlaýjy maddanyň tapylan adamyň göz tussaglygyna alynandygyny aýdan Şeýbani, bombanyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Eýranly resmiler göz tussaglygyna alynan adamyň şahsyýetiniň birnäçe wagt soň halk köpçüligi bilen paýlaşjakdyklaryny mälim etdiler. 

Pars welaýatynyň dolanşyk merkezi bolan Şiraz şäherinde 26-njy oktýabrda aramgähleriň birinde guralan ýaragly hüjümde 15 adam ýogalypdy. Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy. 



Degişli Habarlar