ABŞ-da Liseýe Guralan Hüjümde 2 Adam Ýogaldy

Hüjümçi howpsyzlyk güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1897072
ABŞ-da Liseýe Guralan Hüjümde 2 Adam Ýogaldy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Lui şäherinde liseýe guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy.

Hüjümçi howpsyzlyk güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şäherde Sahna sungatlary litseýinde bolan hüjümde 2 adamyň ýogalandygy bellenildi.

20 ýaşlaryndaky hüjümçiniň hem howpsyzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykda täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan berlen beýannamada, hüjümçiniň 400 okuwçynyň okaýan liseýine nähili ýagdaýda girendigi barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar: #hüjüm guramak , #ABŞ , #liseý

Degişli Habarlar