Liz Trass Wezipesinden Çekildi

Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trass wezipesinden çekilýändigini beýan etdi.

1895604
Liz Trass Wezipesinden Çekildi

Trass ofisiniň önünde beren beýanatynda agyr ykdysady we halkara durnuksyzlyk döwründe iş başyna gelendigini nygtap, hojalyklaryň we kärhanalaryň fakturalaryny nähili tölejekdigine alada bildirýändigini nygtady.

Şertleri özgertmek ygtyýary bilen wezipä girişendigini beýan eden Trass, bar bolan şertlerde saýlanan wezipesini ýerine ýetirip bilmejekdigini kabul etdi.

Trass, wezipeden çekilýändigi hakyndaky arzasyny gowşurmak üçin Britaniýanyň Şasy Şarçes 3-nji bilen duşuşandygyny aýtdy.

Liz Trass partiýada geljek hepde tamamlanjak liderlik saýlawynyň geçiriljekdigini we täze premýer-ministr saýlanýança wezipesini dowam etdirjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar