Owganystanda poliomielit sanjym kampaniýasy başladyldy

Owganystanyň 22 aýry welaýatynda poliomielit sanjym kampaniýasy başladyldy

1894352
Owganystanda poliomielit sanjym kampaniýasy başladyldy

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Şerafet Zaman metbugata beren beýanatynda, Owganystanda poliomielit wakalarynyň azalmaga başlandygyny belläp, şu ýyl Kunar we Paktika welaýatlarynda her birinde 1 wakanyň hasaba alynandygyny habar berdi. 

Şerafet Zaman: "Bu biri-birinden tapawutly welaýatlarynda ýola goýuljak gyssagly bir kampaniýadyr. 4 gün dowam eder. 5 ýaşdan kiçi jemi 6 million çaga sanjym etmegi meýilleşdirýäris" diýip mälim etdi. 

Owganystan we Pakistan poliomielit wakalarynyň hasaba alynan dünýädäki soňky 2 ýurt hökmünde öň hatara çykýar. 

Şu ýyl Pakistanda 20, Owganystanda bolsa 2 poliomielit hadysasy hasaba alynypdy. 

Bill we Melinda Geýts Gaznasy Owganystan we Pakistan başda bolmak bilen dünýä derejesinde poliomielit keselini dolulygyna ýok etmek maksady bilen 1,2 milliard dollar pul bölüp aýyrjakdygy barada söz beripdi. 



Degişli Habarlar