Abdullatif Reşid Yrakda Prezident wezipesine resmi ýagdaýda başlady

Yrakda geçen hepde deputatlar tarapyndan Prezident wezipesine saýlanan Abdullatif Reşid, wezipesine resmi ýagdaýda başlady

1893784
Abdullatif Reşid Yrakda Prezident wezipesine resmi ýagdaýda başlady

Abdullatif Reşid üçin ýurduň paýtagty Bagdat şäherindäki Prezidentiň Al-Salam köşgünde resmi dabara geçirildi.  

Dabara Mejlisiň başlygy Muhammed Halbusi bilen kömekçileri, Mejlisdäki syýasy toparlaryň başlyklary, harby serkerdeler bilen ýurduň ozalky Prezidenti Fuad Masum gatnaşdy. 

Dabara şeýle hem täze Prezidentiň aýaly Şanaz Ibrahim, gyzy, ogly, gelini we agtygy hem gatnaşdy. 

Ýurduň Abdullatif Reşitden ozalky Prezidenti Berhem Salih bolsa geçirilen resmi dabara gatnaşmady. 

Kürt syýasatçy Abdullatif Reşid Yragyň mejlisinde 13-nji oktýabrda geçirilen bölüminde Prezident wezipesine saýlanypdy. 

Saýlawdan soň Abdullatif Reşid, şaýylaryň Premýer ministr dalaşgäri Muhammed Şiýa as-Sudana hökümedi gurmak wezipesini tabşyrypdy. 

Sudaniniň iň giýç 1 aýyň içinde hökümediň düzümini emele getirip, Mejlisiň garamagyna hödürlemegi gerek. 


Etiketkalar: #dabara , #wezipe , #Prezident , #Yrak

Degişli Habarlar