Kiýewde Guralan Hüjümlerde 8 Adam Ýoglady

Zelenskiý “Gynansakda hüjümlerde ýogalanlar we ýaralananlar bar. Gaçybatalgalardan daşary çykmaň” diýdi.

1890570
Kiýewde Guralan Hüjümlerde 8 Adam Ýoglady

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde guralan hüjümlerde 8 adam ýogaldy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, paýtagt Kiýewde guralan hüjümlerde 8 adamyň ýogalandygy, 24 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Kiýewe atylan raketalardan biri howpsyzlyk gullugynyň ýerleşýän köçesine düşdi. Prezident Wladimir Zelenskiýniň kabulhanasy hem şol zolakda ýerleşýär” diýildi.

Prezident Zelenskiý bolsa paýtagt Kiýew bilen birlikde käbir şäherlerde bolan partlamalardan soň beren ilkinji beýannamasynda, “Söweşiň 229-njy gününde bizi ýok etmäge, kartadan öçürmäge çalyşýarlar. Zaporožýede öýlerinde ýatanlary, Kiýewde bolsa işe gidenleri öldürdiler” diýdi.

Zelenskiý “Gynansakda hüjümlerde ýogalanlar we ýaralananlar bar. Gaçybatalgalardan daşary çykmaň” diýdi.

Kiýewiň şäher häkimi Kliçko bolsa Telegramdan beren habarnamasynda, “Howp henizem dowam edýär. Paýtagtyň ýaşaýjylary gaçybatalgalardan çykmaly däl. Kiýewiň merkezi köçeleri howpsyzlyk güýçleri tarapyndan gatnawa ýapyldy. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär” diýdi.

Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ir ertir paýtagt Kiýew bilen birlikde Lwow we Dnepr şäherlerine hüjüm guralandygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar