Şwesiýanyň Adalat Ministrliginiň Wekiliýti Türkiýä Sapar Eder

Şwesiýanyň Adalat ministrliginiň wekiliýeti terror jenaýatçylarynyň yzyna gaýtarylyp berilmegi boýunça geňeşmeler geçirmek üçin şu hepde Türkiýä sapara geler.

1888225
Şwesiýanyň Adalat Ministrliginiň Wekiliýti Türkiýä Sapar Eder

Wekiliýetiň saparynda 26-njy awgustda Finlandiýanyň Wantaa şäherinde Hemişelik hyzmatdaşlyk mehanizminiň birinji maslahatynda kabul edilen kararlaryn seljerilmegine we gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin degişli taýýarlyklaryň üstünde işlenmegine garaşylýar.

Uzak ýyllaryn dowamynda bitarap syýasat alyp baran we NATO agzalyga oňyn garamadyk Şwesiýa, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşinden soň şol pozisiýasyndan el çekip, Alýansa goşulmak hakynda karar kabul edipdi.

Şwesiýanyň Sosial demokrat hökümeti 16-njy maýda parlamentde geçirilen maslahatdan soň NATO ýüz tutmak hakynda karar kabul edendigini habar beripdi. Premýer-ministri Magdalena Andersson onun ýurduň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak üçin oppozisiýada esasy partiýa bilen kabul edilen bilelikdäki karardygyny beýan edipdi.

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň resmi taýdan NATO agzalyk üçin ýüz tutan Şwesiýanyň we Finlandiýanyň agzalyklary terrorizmi goldamaga dowam eden halatynda kabul sesini bermejekdigini aýdypdy.

Şwesiýa Türkiýäniň talaplarynyň kabul edilmegi üçin işe girişen bolsa, 28-nji iýunda İspaniýanyň Madrit şäherinde geçirilen NATO-nyň sammitinde Prezident Erdogan Finlandiýanyň Prezidenti Sauli Niinstýu, Şwesiýanyň Premýer-ministri Magdelena Andersson we NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen dörttaraplaýyn duşuşyk geçiripdi.

Duşuşykdan soň taraplar Üçtaraplaýyn ähtnama gol goýup; “Terror jenaýatlarynyň yzyna berilmegi üçin Türkiýe bilen işleşmek”, “ÝPG/PKK we FETO doldaw bermezlik”, “Döwletleriň arasynda ýarag embargosy goýulmaz” diýilýän maddalar boýunça ylalaşypdy.

Şwesiýa Üçtaraplaýyn ähtnama laýyklykda 30-njy sentýabrda Türkiýä ýarag embargosuny bes edipdi.

Terrorizm boýunça bolsa Şwesiýada garaşylýan başlangyç henize çenli edilmedi.

 



Degişli Habarlar