Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde bilim merkezine garşy guralan kamikaze hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 19 adam ýogaldy

1886656
Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde kamikaze hüjümi guraldy

Taliban hökümediniň Kabulyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Halid Zadran metbugata beren beýanatynda, Kabulyň günbatarynda ýerleşýän Kaj bilim merkezine garşy bombaly hüjümi guralandygyny habar berdi.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 19 adamyň ýogalandygyny aýdan Zadran, 27 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Zadran, hüjümiň bilim merkezinde synag geçirilýän mahaly guralandygyny aýan etdi. 

Şaýatlar hüjümiň kamikaze hüjümidigini öňe sürdiler. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

Kabulyň günbatarynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy Hazara şaýylaryndan ybarat. 

Ozal şol ýerde şuňa meňzeş guralan hüjümiň jogapkärçiliklerini terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy. 



Degişli Habarlar