ABŞ raýatlaryna iň tiz wagtda Russiýany terk etmekleri barada çagyryş berdi

ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki ilçihanasy, raýatlaryna Russiýany iň tiz wagtda terk etmekleri barada çagyryş berdi

1885783
ABŞ raýatlaryna iň tiz wagtda Russiýany terk etmekleri barada çagyryş berdi

ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki ilçihanasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýada bölekleýin mobilizasiýa tapgyrynyň başlandygy ýatladyldy. 

Russiýanyň raýaty bolan ABŞ raýatlarynyň harby gulluk borçlary üçin çagyrylyp bilinjekdigi bellenen beýanatda, olar ýaly ýagdaýda ABŞ-nyň şol raýatlaryna kömek berip bilmejekdigi aýan edildi. 

Russiýadaky söwda uçar gatnawlarynyň hem çäkldigine ünsler çekilen beýanatda, Russiýany terk etmek isleýän ABŞ raýatlarynyň şonuň bilen bagly çärelerini tiz wagtda görmekleriniň gerekdigi beýan edildi. 

Beýanatda: "ABŞ raýatlary Russiýa syýahat etmeli däldirler we Russiýada ýaşaýan raýatlarymyz çäkli söwda syýahatçylyk dowam erýärkä Russiýadan iň tiz wagtda çykmalydyrlar" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #raýat , #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar