Putin, Edward Snoudene Rus Raýatlygyny Berdi

Snouden 2013-nji ýylda paş eden maglumatlary bilen ABŞ-nyň iňlis howpsyzlyk güýçleri bilen dünýäde ähli möhüm gepleşikleri diňländigini ýüze çykarypdy

1884827
Putin, Edward Snoudene Rus Raýatlygyny Berdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk gullugy NSA-nyň ozalky işgäri Edward Snoudene rus raýatlygyny berdi.

2013-nji ýylda paş eden maglumatlary bilen ABŞ-nyň iňlis howpsyzlyk güýçleri bilen dünýäde ähli möhüm gepleşikleri diňländigini ýüze çykaran Snouden, şol ýyldan bäri ýaşaýyş ygtyýarnamasy bilen Russiýada ýaşaýardy.

Snouden paş eden maglumaty bilen daşary ýurtlaryň hökümet binalaryny gizlinlikde dinländigini we ýörite bellige alandygyny görkezipdi.

Sputnige beýannama beren Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow,  talabyna laýyklykda Snoudene rus raýatlygynyň berlendigini mälim etdi.

Peskow, Putiniň Edward Snouden bilen duşuşmak niýetiniň ýokdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar