ABŞ, Arakanly Musulmanlara 170 Million Dollarlyk Ynsanperwer Kömegini Berdi

Blinken 2017-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Arakanlylara 1,9 milliard dollarlyk ynsanperwer kömeginiň berlendigini ýatlatdy.

1883773
ABŞ, Arakanly Musulmanlara 170 Million Dollarlyk Ynsanperwer Kömegini Berdi

 

ABŞ, Mýanmada we Bangladeş bilen birlikde başga ýurtlarda ýaşaýan Arakanlylar üçin 170 milliondan gowrak ynsanperwer kömegini berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken metbugata beren beýannamasynda, 2017-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Arakanlylara 1,9 milliard dollarlyk ynsanperwer kömeginiň berlendigini ýatlatdy.

Mýanmadaky şertleriň öýlerini terk eden Arakanlylaryň yzyna dolanmagy we howpsyzlyklarynyň üpjün edilmegi taýdan amatly bolmandygyna ünsi çeken Blinken, Bangladeşiň hökümeti, Arakanlylar we Mýanmadakylar bilen ksiziň çözülmegi üçin ýakyndan işleşýändiklerini gürrüň berdi.

Bangladeş 2017-nji ýylyň awgust aýyndan bäri 1,2 milliondan gowrak Arakanly musulmany myhman alýar.

 



Degişli Habarlar