Ukraina Söweşinde 5 müň 937 Rus Esgeri Ýogaldy

Sergeý Şoýgu Ukrainada 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweş hakynda maglumat berdi.

1882544
Ukraina Söweşinde 5 müň 937 Rus Esgeri Ýogaldy

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainadaky söweşde 5 müň 937 rus esgeriniň ýogalandygyny mälim etdi.

Paýtagt Moskwada metbugata beýannama beren rus ministr, Ukrainada 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweş hakynda maglumat berdi.

Sergeý Şoýgu, ýurdunyň diňe Ukraina bilen däl eýsem Günbatarly ýurtlar bilen söweşýändigini belledi.

Döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň bölekleýin mobilizlenme yglan edendigini ýatladan Şoýgu, bölekleýin mobilizlenmä, harby gulluk borjyny ýerine ýetirenleriň, ýörite harby tälim alanlaryň ýada harby tejribä eýe bolanlaryň tabyn boljakdygyny aýtdy.

Harby gullugyň hataryna çagyryljaklaryň diňe 1 göteriminiň front liniýasyna ugradyljakdygyny ýatladan Şoýgu, ilkinji nobatda esgerlere tälim beriljekdigini nygtady.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainadaky söweşde 5 müň 937 rus esgeriniň ýogalandygyny ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar