Lukaşenko käbir birikmelere söweş döwrüniň standartlaryna laýyklykda hüşgär bolmaklaryny isledi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko goşunyň käbir birikmelerine söweş döwrüniň standartlaryna laýyklykda hüşgär bolmaklary barada görkezme berdi

1882507
Lukaşenko käbir birikmelere söweş döwrüniň standartlaryna laýyklykda hüşgär bolmaklaryny isledi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Aleksandr Wolfowiç bilen geçiren duşuşygynda beren beýanatda, Russiýa bilen goranyş zolagyny emele getirendiklerini we aslyna garanyňda iki ýurduň hakykatda umumy Ýaragly güýçleriniň bardygyny beýan etdi. 

Belarussiýanyň jemgyýetiniň özüni goramalydygyny, aksiýalarynyň nähili boljakdygyny bilmeginiň gerekdigini aýdan Lukaşenko: "Ukrainada söweşjekdigimizi yşarat edip bizi günäkärlemäge zerurlyk ýok. Biziň atawatanymyzy goramagymyz gerek. Russiýa goldawy bilen bagly bolsa, ýene-de bir gezek nygtap geçýärin: Belarussiýanyň üsti bilen Russiýanyň birikmelerine garşy arkadan, gapdallardan, ganatlardan hiç hili zarba bolmaly däldir we bolmaz. Bu biziň ýaranlagymyzyň öňündäki jogapkärçiligimizdir" diýip belledi. 

Howpsuzlyk we harby tälim meseleleriniň ýeňilleşdirilmezligini islän Lukaşenko: "Ýagdaý örän tankydy. Howply hem diýip bilerin we hiç bir ýagdaýda işleri gowşatmaly däldiris. Hiç zatdan gorkmaly däldiris. Ýurduň goşunyň käbir birikmelerini söweş döwrüniň standartlaryna laýyklykda hüşgär ýagdaýa geçirmegimiz gerek. Bu hökmany" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar