Beýik Britaniýa Russiýanyň mobilizlenme karary barada beýanat berdi

Jillian Kigan BBC beren beýanatynda bolsa: "Bu elhenç. Bu çynlakaý bir hemle, emma ozal edilen bir hemle" diýip nygtady

1882729
Beýik Britaniýa Russiýanyň mobilizlenme karary barada beýanat berdi

Beýik Britaniýanyň Parlamendiniň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Jillian Kigan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň bölekleýin mobilizlenme yglan etmek bilen bagly beýanatynyň dartgynlygyň artmagynda aladalandyjydygyny we şol hemlelere çynlakaý çemeleşilmelidigini beýan etdi. 

Russiýanyň II Jahan urşundan (1939-1945) bäri ilkinji gezek harby mobilizlenme yglan eden Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Günbataryň ýadro bilen bagly öjükdiriji hereketler eden halatynda Moskwanyň ähli güýji bilen jogap berjekdigi barada duýduryş beripdi. 

Jillian Kigan Sky News kanalyna beren beýanatynda: "Dogrusyny aýtsak bu örän çynlakaý çemeleşmegimiz gerek bolan bir ýagdaý, sebäbi gözegçilik bizde däl, Putiniň hakykatdan gözegçiliklidigini anyk bilemok. Bu gönüden datgynlygyň artmagy" diýip belledi. 

Jillian Kigan BBC beren beýanatynda bolsa: "Bu elhenç. Bu çynlakaý bir hemle, emma ozal edilen bir hemle" diýip nygtady. 

Putin yglan eden bölekleýin mobilizlenmegiň maksadynyň, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass senagat zolagyny azat etmekdigini we sebitdäki adamlaryň aglabasynyň Ukrainanyň boýuntyrygy diýip häsýetlendirýän ýagdaýa gaýdyp gelmek islemeýändigini beýan edipdi. 



Degişli Habarlar