Mýanma döwletinde mekdebe hüjüm guralmagy netijesinde azyndan 6 çaga ýogaldy

Hüjümiň netijesinde mekdepdäki çagalaryň azyndan 6-synyň ýogalandygy we 17-siniň ýaralanandygy aýan edildi

1882132
Mýanma döwletinde mekdebe hüjüm guralmagy netijesinde azyndan 6 çaga ýogaldy

Mýanma döwletiniň goşunyna degişli dikuçar tarapyndan 16-njy sentýabrda Sagaing sebitiniň Let Ýet Kone obasyndaky mekdepleriň birine od açylmagy netijesinde azyndan 6 çaganyň ýogalandygy, 17 çaganyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ýerli habar çeşmelerden bolan Mizzima, "Irrawady" saýty we sebitiň ýaşaýjylaryna salgylanyp beren habarynda, obadaky Budist monastyrynda ýerleşýän mekdebe ýurduň goşunyna degişli dikuçar bilen od açylandygy habar berildi. 

Hüjümiň netijesinde mekdepdäki çagalaryň azyndan 6-synyň ýogalandygy we 17-siniň ýaralanandygy aýan edildi. 

Döwlet mediasy bolsa ýaragly toparlaryň goşuna hüjüm guramak üçin mekdebe od açandygyny we adam pidalarynyň çekilendigini, asuda ilatyň galkan hökmünde ulanylýandygyny öňe sürdi. 

Sebitiň ýaşaýjylary çagalaryň käbirleriniň wakanyň bolan ýerinde, käbirleriniň bolsa esgerler oba girenlerinden soň ölendigini beýan etdiler. 

Janlarynyň howpsuzlyklary sebäpli şahsyýetleriniň aýan edilmeginden saklanan sebitiň 2 aýry ýaşaýjysy, jesetleriň ondan soň goşun tarapyndan 11 km uzaklykdaky bir şäherçä alynyp gidilip, ol ýerde gömülendigini habar berdiler. 

Mýanmada eýýäm ençeme wagt bäri özbaşdaklyk talap edýän azlyk toparlar bilen ýurduň goşunynyň arasynda çaknyşyklar güýçlenip dowam edýär. 

Hökümet bolsa etniki toparlaryň täsirli bolan serhet zolaklaryndaky ýaragly toparlara garşy eýýäm ençeme ýyl bäri göreş alyp barýar. 


Etiketkalar: #hüjüm , #çaga , #mekdep , #Mýanma

Degişli Habarlar