Putin Samarkantda Japarow we Berdimuhamedow Bilen Duşuşdy

Duşuşyklarda özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşyldy.

1880451
Putin Samarkantda Japarow we Berdimuhamedow Bilen Duşuşdy
caparov-putin.jpg

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Samarkantda geçirilýän Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde Gyrgyzstanyň döwlet Ýolbaşçysy Sadyr Japarow we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Kremlden berilen beýannama görä Putin Japarow bilen geçiren duşuşygynda strategik hyzmatdaş Gyrgyzstanyň Russiýa ýakyn ýurtlardan biridigini we birnaçe halkara hem-de sebitleýin guramalarda bilelikde işleşýändiklerini beýan etdi.

Samarkantda Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşan Putin, Türkmenistanda 190 rus firmasynyň iş alyp barýandygyny, hyzmatdaşlyk ugurlaryny hasam giňeltmegi maksat edinýändiklerini beýan etdi.

Berdimuhamedow bolsa Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejededigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar