Ýewropa Ýurtlaryna Gidýän Rus Syýahatçylarynyň Sany 90-95 Göterim Azaldy

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa 1,2 million rus syýahatçy bardy.

1878956
Ýewropa Ýurtlaryna Gidýän Rus Syýahatçylarynyň Sany 90-95 Göterim Azaldy

Russiýanyň Syýahatçylyk Operatorlary Bileleşigi (ATOR) rus syýahatçylarynyň Ýewropa ýurtlaryna syýahatlarynyň 2019-njy ýylyň tomusy bilen deňeşdirilende 90-95 göterim aşaklandygyny habar berdi.

ATOR-yň ýazmaça beýannamasynda 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ruslaryň Ýewropa 1,2 million syýahat edendigi ýatladyldy.

2019-njy ýylyň degişli döwründe 8 million rus raýatynyň Ýewropa sapar edendigine üns çekilýän beýannamada; “Rus syýahatçylarynyň Ýewropa syýahatlary üstümizdäki ýylyň tomsunda bolsa 2019-njy ýylyň degişli döwrüne görä 90-95 gögterim aşaklady” ditilýär.



Degişli Habarlar